Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ÝOM-lerinde halkara internet olimpiadalaryny geçirmek meýilleşdirilýär

23:1617.11.2023
0
33622

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda halkara olimpiadalary geçirmäge taýýarlyk görülýär. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Amannepesowyň hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, halkara olimpiadalary, ylmy we döredijilik bäsleşiklerini ýokary derejede geçirip, dünýäniň öňdebaryjy bilim, ylym merkezleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça gazanylan tejribelerden ugur almak bilen, şeýle hem döwlet maksatnamalarynda we konsepsiýalarynda bellenen wezipelere laýyklykda, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli şu ýyl ýurduň aýry-aýry ýokary okuw mekdeplerinde talyplaryň arasynda halkara internet olimpiadalarynyň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär.

Hususan-da:

  • Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ekologiýa dersi boýunça II Açyk halkara internet olimpiadasyny;
  • Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa dersi boýunça II Halkara internet olimpiadasyny;
  • Türkmen oba hojalyk institutynda inžener we kompýuter grafikasy boýunça II Halkara internet bäsleşigini;
  • Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda rus dili dersi boýunça Halkara internet olimpiadasyny;
  • Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda III Açyk halkara fizika internet olimpiadasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýylyň başyndan bäri türkmen ýaşlarynyň dürli halkara olimpiadalara gatnaşmak bilen, dürli baýrakly orunlara mynasyp bolandygyny belledi.

Döwlet Baştutany zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga hem-de bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýän halkara olimpiadalaryň wajypdygyny belläp, wise-premýer N.Amannepesowa olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň