Şu gün Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara Gutlag iberdi. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany:
"Hormatly sergä gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak mermerli Aşgabatda geçirilýän bu ykdysady serginiň türkmen-eýran gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerini has doly ulanmakda hem-de özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça giňeltmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn" diýip belleýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen we eýran halklaryny asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy kökler, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Şoňa görä-de, bu iki ýurt sebitde uzak möhletleýin hyzmatdaş bolmak bilen, häzirki döwürde netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň asyrlarboýy toplanan tejribesini yzygiderli baýlaşdyrýar. Esasy ugurlar boýunça, ilkinji nobatda, ykdysady ulgamdaky netijeli hyzmatdaşlyk munuň aýdyň beýany hökmünde barha giň gerim alýar.
"Biziň ýurtlarymyzyň söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygyny diňe iki ýurduň däl-de, tutuş Merkezi Aziýanyň halklarynyň bähbidine amala aşyrylýan bilelikdäki täze taslamalar pugtalandyrýar. Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň «altyn halkasy» diýlip ykrar edilen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurluşygy bilelikde durmuşa geçirilen taslamalaryň has ähmiýetlileriniň biridir. Iki ýurduň söwda we ykdysady ugurly taslamalary mundan beýläk-de durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellemek gerek. Munuň şeýledigini şu gün öz işine başlaýan ýöriteleşdirilen serginiň giň gerimde ýaýbaňlandyrylmagy, onuň çäginde geçiriljek Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna iki döwletiň işewür toparlary tarapyndan uly gyzyklanma bildirilmegi, bu çäreleriň netijesi boýunça gol çekiljek şertnamalar hem aýdyň görkezýär.
Biziň döwletlerimiziň telekeçilik düzümleriniň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy düzgünleşdirmek boýunça netijeli gurallary işläp taýýarlaýan Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň işine möhüm orun degişlidir. Hökümetara toparyň şu günler Aşgabat şäherinde geçirilýän nobatdaky mejlisiniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde, köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmekde, geljekki bilelikdäki taslamalara itergi bermekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn" diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagynda ýazýar.
Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, Türkmenistanda maýa goýumlar, işewürlik, daşary söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça döredilýän amatly şertler türkmen-eýran gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.
"Men «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergä hem-de Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşýanlaryň ählisini bu mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak bilen, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we geljegi uly ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga çagyrýaryn. Bu günki geçiriljek gepleşikleriň, gazanyljak ylalaşyklaryň iki goňşy ýurduň işewürleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem-de täze ugurlar boýunça giňeldilmegine, geljekki özara bähbitli taslamalaryň başyny başlamaga giň mümkinçilikleri açjakdygy şübhesizdir" diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belleýär.
