Astana şäherinde Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Teleradiotoplumynyň Baş direktory Rauşan Kajibaýew bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň diplomatiki wekilhanasynyň habar bermegine görä, duşuşykda taraplar maglumatlar ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalanýandygyny bellediler. Bu köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ulgamynda hem hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin esas döredýär. Hususan-da, taraplar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi babatda tejribeleri alyş-çalyş etmäge, bu ugurda bilelikde taslamalary döretmäge gyzyklanma bildirdiler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara gatnaşyklaryň anyk ädimlerini we mehanizmlerini kesgitlemek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Teleradiotoplumy Gazagystanyň iň iri media kompaniýasy bolup, ol «Jibek Joly», «Jibek Joly Cinema» teleýaýlymlaryny, «Kazinform» halkara habarlar agentligini, şeýle-de Dokumental kinolaryň merkezini öz içine alýar.