Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Rowachlan Galkynysh» HK: daşarky bazarda üstünlik gazanmagyň syry

10:3603.11.2023
0
24894

«Rowachlan Galkynysh» türkmen kärhanasy — önümçilik ugry, esasan eksporta gönükdirilen üstünlikli kärhananyň ajaýyp nusgasydyr. Türkmen kärhanasy tarapyndan öndürilen önümler — dokalan polipropilen haltalar, polipropilen «ýeňler» we «Rowachpack» haryt nyşanly big-begler uly islegden peýdalanyp, bu ugurda öndürilýän köp sanly dünýä markalarynyň önümleri bilen bäsleşýär.

Kärhananyň üstünlikli iş alyp barmagynyň esasynda — daşarky gatnaşyklara we eksporty ýokary tehnologiýaly önümçilik hökmünde mundan beýläk-de ilerletmek üçin ulanmaklyga gönükdirilen ykdysady ösüş üçin kesgitlenen ileri tutulýan önümçilik çemeleşmeleri durýar.

Daşary ýurtly sargyt edijileri ýokary derejede berkligi, daşky gurşaw üçin arassalygy hem-de çyglylyga durnuklylygy bilen häsiýetlendirilýän «Rowachpack» polipropilen haltalarynyň hiliniň bahasy bilen laýyk gelýändigi özüne çekýär.

«Rowachlan Galkynysh» kärhanasynyň müşderileriniň hataryna Russiýanyň we GDA ýurtlarynyň birnäçesiniň azyk önümlerini we gurluşyk materiallaryny öndürijileri we üpjün edijileri girýär.

Ýakyn geljekde kärhana önümlerini eksport etmegiň geografiýasyny giňeltmegi göz öňünde tutýar.

«Rowachlan Galkynysh» kärhanasynyň salgylary:

  • telefon belgileri: (+993 62) 29 29 69, (+993 12) 29 29 69;
  • elektron poçta salgysy: rowachpack@gmail.com;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň