Turkmenportal logo
17.10.23
4331043310
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Buharestde türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň binasynda ilçi A.Annaýew parlamentara türkmen-rumyn dostluk toparynyň başlygy A.K.Kolçar bilen duşuşdy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri we geljekki özara gatnaşyklar üçin mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýynda habar berildi.


Habarda bellenilişi ýaly, taraplar ileri tutulýan ugurlar hökmünde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurlary kesgitlediler. Iki ýurduň arasynda parlamentara derejesinde oňyn özara gatnaşyklaryň bardygy bellenildi.


Medeni-ynsanperwer ugry boýunça hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, taraplar türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikdäki çäreleri geçirmek barada ylalaşdylar diýlip, habarda aýdylýar.