Soňky habarlar

Arhiw

“Röwşen” hususy kärhanasynyň ýyladyşhanalar toplumy tutuş ýylyň dowamynda pomidorlaryň we hyýarlaryň iň gowy görnüşlerini ösdürip ýetişdirýär

11:0510.10.2023
0
28114

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiginde ýerleşýän «Röwşen» hususy kärhanasynyň «Röwşen agro» ýyladyşhanalar toplumy ilatymyzy häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalarynyň ulanylmagy arkaly ösdürilip ýetişdirilen ter we ýokary hilli gök önümler – pomidorlar we hyýarlar bilen üpjün etmäge ýöriteleşendir.

Şeýle hem «Röwşen agro» toplumy umumy 50 gektar açyk meýdanda ýerleşip, ol ýerde ýerli tejribeli daýhanlar «Marwellance», «Altes», «Bandita», «Suşi», «Harpink» ýaly ýokary hilli tohumlaryndan pomidorlaryň we çerri-pomidorlarynyň ýigrimä golaý sortyny ösdürip ýetişdirýärler.

Ekin üçin saýlama tohumlar ýurdumyza Türkiýeden we Niderlandlardan getirilip, olaryň gülleýän döwründe ösümlikleri netijeli tozanlandyrmak üçin bolsa Türkiýeden ýörite arylar getirilýär. Şol sanda ýyladyşhanada gülleriň birnäçe owadan we döwrebap görnüşleri hem ösdürilip ýetişdirilýär.

Gök önümleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýyladyşhanalarda häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalaryny – damjalaýyn suwaryş, ýyladyş we sowadyş ulgamlaryny, ekologiýa taýdan arassa organiki dökünleri, howanyň we topragyň zerur çyglylyk derejesini saklamak üçin niýetlenen ulgamlary (klimat-kontrol) peýdalanýar. Kärhanadaky amallaryň köpüsi dolulygyna awtomatlaşdyrylandyr. Bu çäreleriň netijesinde, kärhanada her gektardan 350 tonna gök önüm hasyly alynýar.

«Röwşen» hususy kärhanasynyň ýyladyşhanalar toplumynda 150 adam zähmet çekýär, olaryň işlemekleri we dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredilendir.

«Röwşen» HK-nyň «Röwşen agro» ýyladyşhanalar toplumynyň önümleri esasan içerki sarp edijiler üçin niýetlenip, hasylyň galan böleginiň bolsa Russiýa Federasiýasyna, Gazagystana we Gyrgyzystan döwletlerine eksport edilýär.

«Röwşen» HK ýylyň islendik wagtynda sarp edijiler üçin elýeterli bolan ter we ekologiýa taýdan arassa gök önümleriň görnüşlerini artdyrmagyň üstünde işläp, eksporta ugurly hem-de daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň