Turkmenportal logo
21.09.23
4089740897
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri Germaniýda saparda bolarlar
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri Germaniýda saparda bolarlar

29-njy sentýabrda Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň çakylygy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri Berline iş sapary bilen bararlar.


Germaniýanyň Prezidentiniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Berlinde «Merkezi Aziýa + Germaniýa» görnüşinde Prezidentleriň derjesinde duşuşyk geçiriler. Duşuşygyň dowamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada maslahatlaşylar, şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşylar.


«Turkmenportalyň» ozal habar berşi ýaly, 19-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti «С5+1» görnüşdäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyny geçirdiler.