Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birinji duşuşygyna gatnaşdy

00:4420.09.2023
0
28187

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 19-njy sentýabrda, günüň ikinji ýarymynda “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birinji taryhy duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hut döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ilkinji gezek şeýle görnüşde geçýän bu iri diplomatik çäre Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda ähmiýetli wakadyr.

Sammitiň gün tertibine ykdysady we energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegi, şeýle hem häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi. Mundan başga-da, özara gyzyklanma bildirilýän esasy halkara we sebit meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu birinji Prezident sammiti meseleleriň giň toplumyny, şol sanda sebit howpsuzlygy, söwda we özara baglanyşyk, howanyň üýtgemegi hem-de dolandyrmagy gowulandyrmak we kanunyň ileri tutulýandygyny üpjün etmek maksady bilen, dowam edýän özgertmeler bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik boldy.

Türkmenistan halkara gatnaşyklaryny ýola goýmakda hoşmeýilli erk, deňhukuklylyk, öňdebaryjy tejribäni we oňyn pikirleri paýlaşmak esasynda ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almagyň möhümdiginden ugur alýar. Şeýle çemeleşme BMG-niň maksatlaryna we Tertipnamasyna doly laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, berk döwletara gatnaşyklaryň, şol sanda sebit boýunça goňşy ýurtlar we Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gatnaşyklaryň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýola goýulmagyna ýardam berýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Täjigistan bilen, iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça bolşy ýaly, “C5+1” diplomatik meýdançanyň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. 2015-nji ýylda döredilen pursadyndan bäri bu mehanizm özüni ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak üçin netijeli sebit meýdançasy hökmünde görkezdi. Şunuň bilen birlikde, şol geçen ýyllaryň dowamynda “ABŞ -- Merkezi Aziýa ýurtlary” dialogy ministrler derejesindäki hyzmatdaşlyk, bilermenleriň duşuşyklary we ykdysadyýet, energetika, daşky gurşawy goramak we howpsuzlyk boýunça iş toparlarynyň alyp barýan işleri arkaly giňeldildi.

2022-nji ýylda resmi amallary ýola goýmak, umumy ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek we ilerletmek, gatnaşyjy hökümetleriň arasynda gatnaşyklary utgaşdyrmak hem-de ýokary derejedäki ministrler duşuşyklaryny we beýleki çäreleri meýilleşdirmek üçin “C5+1”-iň Sekretariaty döredildi. Häzirki wagtda “C5+1” Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy we abadançylygy pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki işi dowam etdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň