Soňky habarlar

Arhiw

«Alem Sport apparels and shoes» dükany «Tossa AMF» krossowkalarynyň ajaýyp aýratynlyklary bilen tanyşmagy teklip edýär

10:5316.09.2023
0
35183

«Alem Sport apparels and shoes» sport lybaslarynyň we aýakgaplarynyň dükany «Lotto» haryt nyşanynyň özboluşly «Tossa AMF» krossowkalaryny hödürleýär. Bu krossowkalar sport bilen meşgullanylanda daban üçin iň ýokary rahatlygy kepillendirýän häzirki zaman tehnologiýalary esasynda döredildi.

«Tossa AMF» krossowkalary dürli dykyzlykly gatlaklardan ybarat bolan köp gatly dabany esasynda ýörite sürtülmeleri ýumşadyjy (amortizasiýa) ulgam bilen üpjün edilendir. Munuň özi ylgaw ýa-da sportuň işjeň görnüşleri bilen meşgullanylanda bogunlara we oňurgalara düşýän agramy azaldar.

Krossowkalaryň içki bölegini ýasamakda ulanylan ýokary hilli material ajaýyp howa çalşygyny we aýagyň dem almagyny kepillendirýär. Deşikli petek çyglylygy gowy siňdirýär, bu bolsa dabany kömelekli zeperlenmesi (gribok) ýa-da bakteriýa howpunyň öňüni alýar.

«Alem Sport apparels and shoes» dükanynda sport ýa-da türgenleşik zaly şertlerinde, şeýle hem açyk howada sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanmak üçin öňdebaryjy öndürijileriň sport aýakgaplaryny we lybaslaryny satyn almak mümkindir. Tejribeli satyjy-geňeşçiler sportuň görnüşine hem-de düşjek agramyň derejesine görä iň amatly aýakgaplary saýlamaga kömek ederler.

«Alem Sport apparels and shoes» dükany sportuň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň muşdaklaryna şu salgyda garaşýar: Aşgabat, «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi (1-nji gat, B66 dükany). Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 62) 00 66 55; (+993 65) 80 25 52; (+993 12) 46 84 07.

Elektron poçta salgysy: Info@alemsport.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň