Top.Mail.Ru

Arhiw

Gazak atşynasyna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly adyň nyşany gowşuryldy

13:1107.09.2023
0
42742

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejebow Gazagystanyň «Ahal-Teke» ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Ýakow Dige «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly adyň nyşanyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, 6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Almaty şäherindäki diplomatik wekilhanasy «Türkmen jemgyýetçilik we medeni merkezi» birleşiginde hormatly adyň Şahadatnamasyny we nyşanyny gowşurmak dabarasyny gurady. Habar berlişi ýaly, çärä ýerli türkmenler hem gatnaşdylar.

Dabarada Dik Ýakow söz sözläp, ýokary sylaga mynasyp görendigi üçin, Türkmenistanyň Prezidentine köp sagbolsun aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň Prezidentine atçylyk pudagyny ösdürmäge, bahasyna ýetip bolmajak arassa ganly ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamaga we köpeltmäge gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, atçylygy ösdürmäge goşan saldamly goşandyny, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde hem-de olaryň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda bitiren hyzmatlaryny, gazanan ýokary netijelerini, hünär ussatlygyny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Dik Ýakow şu ýylyň aprel aýynda «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada mynasyp bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň