Top.Mail.Ru

Arhiw

Owganystan türkmen elektrik energiýasyny import etmek üçin infrastrukturany döwrebaplaşdyrýar

15:4106.09.2023
0
27239

Owganystanyň «Da Afghanistan Breshan Sherkat» energiýa kompaniýasy Hyratdaky «Nur ul-Jihad» bekedini döwrebaplaşdyrmak boýunça işlere badalga berdi. Bu barada «Ariana News» habar gullugy tarapyndan habar berildi.

Owganystanyň Energetika we suw serişdeleri ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikde durmuşa geçirilýän taslamanyň bahasy 3,5 million amerikan dollaryna barabar bolup durýar diýip, çeşme resmi maglumatlara salgylanyp habar berýär.

Bellenilişi ýaly, gurluşyk işleri tamamlanandan soňra bekediň kuwwatlylygy 70-den 110 megawata çenli ýokarlanar diýlip garaşylýar. «Nur ul-Jihadda» guruljak täze güýçlendiriji transformator bolsa welaýatda elektrik ýetmezçiligini azaltmaga kömek eder.

Bu taslamanyň tamamlanmagy üçin alty aý gerek bolar diýip, çeşme türkmen tarapynyň maglumatlaryna esaslanyp belleýär.

«Bu taslama üçin üç million dollardan gowrak serişde gerek bolar, ýöne bu taslamanyň bahasy we pul gymmaty meselesinden başga-da, biz işiň hilini we bekediň bellenilen möhletde tamamlanjakdygyny we ulanylmaga beriljekdigini kepillendirmäge synanyşýarys» diýip, çeşme Türkmenistanyň energetika ministrliginiň wekilleriniň sözlerini getirýär.

Ozal Türkmenistan bilen Owganystanyň energo taslamasy boýunça ylalaşyk gazanandyklary barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň