Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistan we Owganystan energo taslamasy boýunça ylalaşyk gazandylar

19:5615.08.2023
0
27927

Owganystanyň energiýa kompaniýasy (Da Afghanistan Breshna Sherkat) hem-de «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy Owganystanyň «Hyrat Nur-ul-Jihad» bekedine elektrik toguny ibermek taslamasy boýunça duşuşyklary tamamladylar.

Owganystanyň energiýa kompaniýasynyň (DABS) habaryna görä, gepleşikleriň tapgyry DABS-nyň Baş müdiri bilen «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň tehniki wekilleriniň arasynda bilelikdäki Teswirnama gol çekilmegi bilen tamamlandy.

Ozal habar berşimiz ýaly, ýakynda geçirilen Owganystanyň energiýa kompaniýasynyň resmi wekilleri bilen «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň tehniki wekilleriniň arasyndaky bilelikdäki duşuşyklaryň dowamynda hem «Hyrat Nur-ul-Jihad» bekediniň mümkinçiliklerini giňeltmek taslamasy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki tarap hem taslamanyň dürli taraplary barada şertli ylalaşyk gazandy. DABS-nyň berýän habaryna görä, bu meselede öňki şertnama käbir üýtgeşmeler girizildi we potratça zerur resminamalary taýýarlamaga wagt berildi.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Owganystanyň energiýa kompaniýasy bilen «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň arasynda Türkmenistandan elektrik üpjünçiligini 110 MWt-dan 220 MWt-a çenli ýetirmek barada şertnama baglaşyldy. «Hyrat Nur-ul-Jihad» bekedini giňeltmek taslamasy tamamlanandan soň, Türkmenistandan Owganystana eksport edilýän elektrik energiýasynyň mukdary 110 megawat artar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň