Top.Mail.Ru

Arhiw

Owganystan Türkmenistandan elektrik üpjünçiligini iki esse artdyrmak isleýär

10:1109.08.2023
0
25554
Owganystan Türkmenistandan elektrik üpjünçiligini iki esse artdyrmak isleýär
Surat: Ariananews

Owganystanyň energiýa kompaniýasy (Da Afghanistan Breshna Sherkat) Türkmenistandan elektrik üpjünçiligini 110 MWt-dan 220 MWt-a çenli ýetirmegi maksat edinýär. «Ariana News» habarlar gullugynyň habaryna görä, bu barada «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň işgärleri bilen owgan wekilleriniň arasynda geçirilen gepleşigiň barşynda pikir alşyldy.

Türkmenistandan «Hyrat Nur-ul-Jihad» bekedine elektrik toguny ibermek taslamasy ilatyň ýaşaýyş durmuşyny gowulandyrmakda möhüm taslama. Bu taslama demirgazyk-günbatar sebitde elektrik togy bilen baglanyşykly meseleleri çözer. Owgan tarapy bu möhüm taslamanyň gyssagly durmuşa geçirilmegini goldaýar diýip, DABS (Da Afghanistan Breshna Sherkat) kompaniýasy resmi beýanatynda belleýär.

Ýeri gelende bellesek, birnäçe maýa goýujylar Hyratyň ösen senagat we möhüm ulag-logistika merkezi bolan welaýatdygyny belleýär.Welaýatda Owganystanyň esasy gury portlarynyň ikisi ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň