Aşgabatdaky «Ak Ýol» toý mekany doglan günleri ajaýyp öwüşginde guramak bilen, bu adaty maşgala baýramçylygyny ýatdan çykmajak görnüşde bellemäge mümkinçilik döredýär.
Durmuş toýlary, çaganyň dünýä inmegi ýa-da gutardyş dabarasy, sadaka, oturylyşyklar ýaly dabaralary bellemek üçin «Ak Ýol» toý mekany ýörite giň we ajaýyp bezelen, enjamlaşdyrylan toý zalyny, tejribeli işgärleriň hyzmatyny, milli we dünýä aşhanasynyň dürli tagamlaryny, ses we yşyklandyryş enjamlaryny, şeýle hem çagalar üçin oýun meýdançasyny we animatorlaryň hyzmatlaryny ýetirýär.
Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň «Ak Ýol» toý mekanynyň ýerleşýän salgysy: Bagtyýarlyk köçesiniň 15-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Şeýle-de okaň:

