Turkmenportal logo
31.08.23
2735127351
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda 2 sany gury ýük gämisi gurlar
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda 2 sany gury ýük gämisi gurlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentligine iki sany gury ýük gämisini gurmak barada «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.