Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Hytaýda geçiriljek «Ýüpek ýoly» halkara medeni sergisine hormatly myhman hökmünde gatnaşar

11:0325.08.2023
0
31381

Türkmenistan VI «Ýüpek ýoly» halkara medeni sergisine esasy hormatly myhman hökmünde gatnaşar. Bu barada «Sinhua» habarlar gullugy Hytaýyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligine (MCT) salgylanyp habar berýär.

Bu ýyl sergi 6-7-nji sentýabrda Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Gansu welaýatynyň Dunhuang şäherinde geçiriler. Ol Hytaýyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet teleradioýaýlymlar müdirligi, Hytaýyň Halkara söwdany ösdürmek boýunça komiteti we Gansu welaýatynyň häkimligi tarapyndan guralar.

— Gansuda geçiriljek halkara sergide çeper we medeni-syýahatçylyk önümleriniň görkezilmegine bagyşlanan sergileri guramakda we geçirmekde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine esasy orun degişli bolar – diýip, Hytaýyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň jogapkär işgäri Peng Ýubin aýtdy.

— Serginiň açylyş dabarasyna 1200-den gowrak ýerli we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşar. EKSPO-nyň dowamynda forumlar, gözden geçiriş çäreleri we çeperçilik çykyşlar bolar – diýip, Gansu welaýat medeniýet we syýahatçylyk müdirliginiň başlygy He Sýaozu belleýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, 5-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa iş sapary bilen Aşgabada gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň hemişelik agzasy, Gansu welaýat komitetiniň wagyz ediş bölüminiň başlygy Çžan Ýunsýa bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Hytaý tarapy Türkmenistany şu ýylyň sentýabr aýynda Gansu welaýatynyň Dunhuang şäherinde geçiriljek «Ýüpek ýoly» altynjy halkara medeni sergisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň