Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenpoçta» çaparçylyk hyzmatynyň mümkinçiliklerini artdyrýar

10:1417.08.2023
0
32126

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy ýollamalary «gapydan-gapa» eltip bermek hyzmatyny amala aşyryp, bu hyzmaty ýurduň iň uzak künjeklerine çenli ýetirýär.

Kompaniýanyň çaparçylyk hyzmatlarynyň meşhurlygy günsaýyn artýar. Aýratyn şahsyýetler we hususy telekeçiler, şeýle-de onlaýn-dükanlar we iri guramalar onuň müşderileridir. Bu hakykat «Türkmenpoçtany» hyzmatlary ösdürmek we hilini ýokarlandyrmak üçin täze mümkinçilikleri gözlemäge höweslendirýär.

Çaparçylyk hyzmaty öýüňizden ýa-da iş otagyňyzdan çykmazdan, tutuş ýurt boýunça ýollamalary ýa-da bukjalary ibermek ýa-da almak mümkinçiligini öz içine alýar. Eltip bermek mümkin boldugyça gysga wagtda amala aşyrylýar, ýollama adresatyň özüne gowşurylýar.

Kompaniýanyň post.tm saýtynda, «Çapar» ykjam programmasy arkaly ýa-da (+993 12) 92 14 95, (+993 12) 93 14 91 telefon belgilerine jaň edip, çapary çagyrmak mümkindir.

Mundan başga-da, «Çapar» ykjam programmasyny ulanyp, sargyt etmek we getirilen onlaýn hyzmatlaryň ählisiniň töleglerini «Altyn asyr» ulgamynyň bank kartlary arkaly tölemek mümkindir. Maglumatlaryňyzyň howpsuzlygy häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilýär we kepillendirilýär.

Post.tm saýtynyň we «Çapar» ykjam programmasynyň artykmaçlyklarynyň biri hem ýollamalary ýa-da beýleki bukjalary mümkin boldugyça çalt yzarlamak mümkinçiligidir. Munuň üçin gözleg meýdanyna ýol belgisini girizmeli we ulgam bukjanyň ýerleşýän ýerini birnäçe sekundyň dowamynda görkezer.

«Çapar» ykjam programmasy «Google Play-de» we «App Store-da» ýükläp almak üçin elýeterlidir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň