Turkmenportal logo
26.07.23
3227732277
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenpoçtanyň» bölümlerinde «Älem TV» hemra telewideniýe operatorynyň telekartlaryny almak mümkindir
«Türkmenpoçtanyň» bölümlerinde «Älem TV» hemra telewideniýe operatorynyň telekartlaryny almak mümkindir

1-nji awgustdan başlap, «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndaky bölümlerinde «Älem TV» hemra we onlaýn telewideniýe operatorynyň telekartlarynyň satuwyny ýola goýar.


Poçta bölümleriniň müşderileri «Älem TV-niň» gije-gündiziň dowamynda 125 sany öňdebaryjy teleýaýlyma elýeterliligi bolan telekartlaryny satyn alyp bilerler.


«Türkmenpoçtanyň» bölümlerinde nagt we nagt däl görnüşde, şeýle hem «Çapar» ykjam programmasy arkaly onlaýn usulda «Älem TV» kartlarynyň balansyny doldurmak mümkindir.


«Çapar» ykjam programmasynyň hyzmatlarynyň amatlylyk derejesine baha bermek üçin ony «Google Play» we «App Store» dükanlaryndan ýükläp alyp bilersiňiz.


Şeýle-de okaň: