Zähmet rugsadynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Serdar» myhmanhanasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine täze bellenen Kaha Imnadzeni kabul etdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda dünýäniň strategik sebitleriniň biri bolup durýan Merkezi Aziýanyň häzirki günde depginli ösüşi görkezýändigi, sebitiň ýurtlarynyň ählumumy parahatçylygyň we Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygy barada aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow sebit merkeziniň alyp barýan möhüm işiniň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň we giňeldilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup çykyş edýändigini belledi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdine laýyklykda hem-de goňşy döwletleriň we Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň goldaw bermeginde Aşgabatda esaslandyrylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigi barada hem aýdyldy.
Söhbetdeşligiň barşynda jenap Kaha Imnadze Bitarap Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň döredilmegine, netijeli syýasy-diplomatik dialogyň ilerledilmegine saldamly goşant goşýandygyny nygtady.
Diplomat Türkmenistan bilen bilelikdäki işiň baý tejribesine hem-de uly mümkinçiliklere esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna öz tarapyndan hemme ýardamy etjekdigine ynandyrdy.
Ozal habar berşimiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Kahi Imnadzeni (Gruziýa) BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Aşgabatda ýerleşýän Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine şu ýylyň iýun aýynda belledi. Jenap Kahi Imnadze diplomatik möhleti tamamlanan Natalýa Germanyň ornuny eýeldi.
Maglumat hökmünde ýatlatsak, jenap Imnadzeniň diplomatiýa hünäri boýunça 30 ýyldan gowrak tejribesi bar. Ol öz zähmet ýoluna 1989-njy ýylda Gruziýanyň diplomatik gullugynda başlady. Kahi Imnadzeniň diplomatiýa, gepleşikler we araçylyk, gapma-garşylyklary çözmek hem-de syýasy töwekgelçiligi bahalandyrmak boýunça baý tejribesi bar. Ol 2013 — 2022-nji ýyllar aralygynda Gruziýanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili bolup işledi. Gruziýanyň Tbilisi döwlet uniwersitetini tamamlan Kahi Imnadzeniň gruzin, rus we iňlis dillerini suwara bilýändigini-de bellemek gerek.
Habar berşimiz ýaly, bu wezipede 5 ýyllyk (2018 – 2023) diplomatik gullugyny alyp baran Natalýa German BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory wezipesine bellenildi.