Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Kahi Imnadzeni (Gruziýa) BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Aşgabatda ýerleşýän Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine belledi.
Ýeri gelende bellesek, jenap Kahi Imnadze Natalýa Germanyň ornuny eýelär. Bu barada BMG-niň resmi saýtynda habar berilýär.
Jenap Imnadzeniň diplomatiýa hünäri boýunça 30 ýyldan gowrak tejribesi bar. Ol öz zähmet ýoluna 1989-njy ýylda Gruziýanyň diplomatik gullugynda başlady. Kahi Imnadzeniň diplomatiýa, gepleşikler we araçylyk, gapma-garşylyklary çözmek hem-de syýasy töwekgelçiligi bahalandyrmak boýunça baý tejribesi bar. Mundan başga-da, jenap Imnadze häzirki wagtda Gruziýanyň Kanadadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň wezipesini hem ýerine ýetirýär. Ol 2013 — 2022-nji ýyllar aralygynda Gruziýanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili bolup işledi. Gruziýanyň Tbilisi döwlet uniwersitetini tamamlan Kahi Imnadzeniň gruzin, rus we iňlis dillerini suwara bilýändigini-de bellemek gerek.
Ozal habar berşimiz ýaly, bu wezipede 5 ýyllyk (2018 – 2023) diplomatik gullugyny alyp baran Natalýa German BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory wezipesine bellenildi.

