Turkmenportal logo
07.08.23
4019040190
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dzýudoçylar GDA ýurtlarynyň II oýunlaryndan iki medal gazandylar

GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň Gomelde geçen dzýudo boýunça ilkinji ýaryş gününde türkmen türgenleri medallaryň ikisine mynasyp boldular.


Oýunlarda 40 kilogram agram derejesinde bäsleşen Dilara Gandymowa üçünji orun ugrundaky tutluşykda özbegistanly Sarwinoz Abdusamadowadan üstün çykdy.


Şeýle hem Behruz Bahriddinow 55 kilogram agram derejesinde geçirilen üçünji orun ugrundaky tutluşykda belarusly Roman Kuznesowdan rüstem geldi.


Ozal Oýunlaryň ilkinji gününde agyr atletikaçy türgenler Ýulduz Jumabaýewa (49 kg-e çenli) bilen Ali Babamuradowyň (55 kg-e çenli) kümüş medallara mynasyp bolandygyny habar beripdik.