Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Nebitmaş» DK Türkmenistanyň elektrotehniki senagaty üçin dürli tok goraýjylaryny we izolýatorlary öndürýär

10:2507.08.2023
0
32361

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasy PN-2 haryt nyşanly tok goraýjylaryny öndürýär. Elektrotehniki önümleriň bu görnüşi kuwwatlyk we goşmaça kömekçi ulgamlary goramakda aşa agyr düşüp biljek we bökdençlikleriň ýüze çykyp biljek ýagdaýy üçin ulanylýar. Tok goraýjylary 0,4 kV çenli nominal naprýaženiýe we 100A, 250A, 400A, 630A derejeli nominal tok üçin niýetlenendir.

Şeýle-de «Nebitmaş» DK içerki bazar üçin izolýatorlary öndürýär. Şolaryň hatarynda elektrik enjamlary we ýygylygy 1000 Gers, naprýaženiýesi 1000 Woltdan uly bolan paýlaýjy, deňiz derejesinden 1000 metr beýiklikde paýlaýjy enjamlar bilen bitewüleşdirilen elektrik stansiýalardaky we podstansiýalardaky tok simleri izolirlemek hem-de berkitmek üçin niýetlenen güýçlendirilen ýokary woltly direg-sterženli UHLT S4-80-I izolýatory bar.

Izolýatorlar gurnalýan elementleriň konfigurasiýasy bilen tapawutlanýar.

«Nebitmaş» DK-nyň önümleriniň gorunda elektrik enjamlarynyň böleklerini mehaniki birikdirmek ýa-da izolýasiýa etmek üçin ulanylýan, ýygylygy 60 Gerse çenli we naprýaženiýesi 10 kW çenli bolan ITG-10-7,5-58 I UZ güýçlendirilen farfor çekiş izolýatory bar.

Şeýle hem kärhana içerki bazara niýetläp kuwwatlyk transformatorlary üçin 1 kW nominal naprýaženiýeli IPT-1/250, IPT-1/400, IPT-1/630, IPT-1/1000 markaly elektrik transformatorlary geçiş izolýatorlary taýýarlaýar.

Mundan başga-da, «Nebitmaş» DK transformatorlaryň giriş kontaktlaryny, şol sanda şpilka çykyş böleginiň zynjyr kabeli üçin giriş aragatnaşygyny ýa-da 1 kV çenli nominal naprýaženiýeli, rezbasynyň ölçegi M30, M33 bolan transformator şinasyna birikmesi bolan, şeýle-de 1 kW çenli naprýaženiýeli, rezbasynyň ölçegi М12, М16, М20, М24 transformatorlaryň giriş kontaktyny hödürleýär.

«Nebitmaş» DK-nyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., 2008-nji köçe, 6-njy jaý.

Telefon belgileri: (+993 65) 69 91 64; (+993 12) 76 02 43; 76 03 69. Faks: (+993 12) 76 02 25.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň