Türkmenistan
1. 4-nji awgustda Aşgabatda «Türkmenistan — Täjigistan — Özbegistan» görnüşinde üç taraplaýyn sammit geçiriler. Duşuşyga Prezidentler Serdar Berdimuhamedow, Emomali Rahmon we Şawkat Mirziýoýew gatnaşar. Türkmen paýtagty ýetip gelýän çärä ýokary derejede taýýarlanýar. Häzirki wagtda şäherde resmi ýazgylardyr bildirişler ýerleşdirildi. Şeýle hem şäheri abadanlaşdyrmak, köçeleri we binalary bezemek, myhmanlaryň rahatlygyny üpjün etmek boýunça işler alnyp barylýar.
2. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde öz işine başlajak nobatdaky 78-nji sessiýasynda Bütindünýä türki dilleriniň gününi döretmegi teklip etmegi meýilleşdirýär. BMG-niň Baş Assambleýasynda beýan ediljek beýleki başlangyçlaryň hatarynda Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogynyň esaslandyryjy mejlisini geçirmek, şeýle hem 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna gabatlap, ÝUNESKO we TÜRKSOÝ bilen bilelikde Türki dilleriň halkara hepdeligini geçirmek baradaky teklipler bar.
3. Türkmenistanda Russiýanyň «Mir» töleg ulgamynyň kartlaryna isleg bar. Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Iwan Wolynkin TASS-a beren interwýusynda bu barada belläp geçdi. Onuň bellemegine görä, Russiýanyň bank kartlary, şol sanda «Mir» töleg ulgamy Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary, yzygiderli Russiýa barýan syýahatçylar we telekeçiler üçin zerur bolup biler.
4. Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylyş dabarasy geçiriler. Şu günler ýurtda ýokary okuw we hünärment mekdeplerine giriş synaglary başlandy. Kabul ediş çäresi 28-nji awgusta çenli dowam eder.
5. Laýyk bir ýyl mundan öň Türkmenistandaky Janly tebigatyň milli muzeýinde Nil krokodiliniň çagasy – bäş ýumurtganyň içinde ýeke-täk çykan çaga dünýä indi. Onuň haýwanat bagynda peýda bolmagyna 10 ýyldan gowrak wagt garaşyldy. Gözegçi ony uly üns bilen idedýär: balyk we towuk bilen iýmitlendirýär. Bu döwürde krokodil ulaldy, işjeň ösdi we agramyny artdyrdy. Nil krokodili türkmen haýwanat bagyndaky Afrika yklymynyň ýeke-täk wekili däl. Bu ýerde zebralar, žiraflar, afrikan gäwmişleri we düýeguşlar ýaşaýar.
Dünýäde
6. Özbegistan hindi tehnologiýalarynyň kömegi bilen pagtanyň hasyllylygyny artdyrmak isleýär. Hindi usullary 50-den 70-e çenli sentner hasyl berjek saýlama tohumlary döretmek üçin ulanylar. Tohumlar sentýabr aýynda ýurda gelmeli. Bu barada ýurduň oba hojalyk ministri Aziz Woitow bilen «Nath Bio-Genes» hindi kompaniýasynyň wekiliniň arasynda geçirilen duşuşykda gürrüň edildi.
7. Gresiýanyň Ortaýer deňzindäki Tilos adasyna dünýäde ilkinji hiç hili galyndysy bolmadyk ada hökmünde resmi güwänama gowşuryldy. Adadaky galyndylaryň 90%-i gaýtadan işlenilýär ýa-da tebigy dökünler üçin esas hökmünde ulanylýar. Tilosdaky galyndylaryň mukdaryny azaltmak boýunça işler 2021-nji ýylda başlandy. Ýaşaýjylara zibilleri görnüşlere bölmek üçin ýörite torbalar berildi, olar bilen galyndylary dogry dolandyrmak barada gepleşik geçirildi. Zibilleri çykarmak we ýok etmek işleri ýörite gözegçilik ulgamy arkaly gözegçilikde saklanýar.
Sport habarlary
8. Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň çäklerinde 4-nji awgustda meýilleşdirilýän «Energetik» bilen «Ahalyň» arasyndaky 10-njy tapgyr duşuşygy ätiýaçlyk senesine süýşürildi. Ýatlatsak, ýurduň çempiony iýul aýynyň ortalaryndan AFK Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna taýýarlyk görmek üçin Türkiýäniň Kartepe şäherinde türgenleşik ýygnanyşygyndadyr. Serdar Geldiýewiň topary 4 synag oýnuny oýnady we şollaryň ikisinde ýeňiş gazandy, bir gezek deňme-deň oýnady we bir gezek ýeňildi.
9. 4 – 14-nji awgust aralygynda geçiriljek GDA ýurtlarynyň II oýunlaryna gatnaşyjylar Belarusa gelip başladylar. Ilkinjileriň hatarynda türkmenistanly türgenler geldiler. Ýurduň sport wekiliýeti 110 adamdan ybaratdyr. Takmynan, 80 türgen 13 sport görnüşi boýunça bäsleşer, olaryň köpüsi başa-baş söweş sungatlaryna wekilçilik edýärler. Bäsleşige 6 müňden gowrak adamyň, şol sanda 4 müň türgeniň, 900 tälimçiniň we 800 eminiň gatnaşmagyna garaşylýar. GDA ýurtlarynyň köpugurly sport forumy Belarusyň 11 şäherinde geçiriler.