4-nji awgustda Aşgabatda «Türkmenistan — Täjigistan — Özbegistan» görnüşinde üç taraplaýyn sammit geçiriler. Duşuşyga Prezidentler Serdar Berdimuhamedow, Emomali Rahmon we Şawkat Mirziýoýew gatnaşar.
Türkmen paýtagty ýetip gelýän çärä ýokary derejede taýýarlanýar. Häzirki wagtda şäherde resmi ýazgylardyr bildirişler ýerleşdirildi. Şeýle hem şäheri abadanlaşdyrmak, köçeleri we binalary bezemek, myhmanlaryň rahatlygyny üpjün etmek boýunça işler alnyp barylýar.
Sammit barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri S.Muhriddiniň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri B.Saidowyň arasynda geçirilen wideo konferensiýadan soň yglan edildi.
Üç taraplaýyn sammitiň öňüsyrasynda ýokary derejeli duşuşykda gol çekilmeli resminamalaryň üstünde işler alnyp barylýar.
Ozal Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda Döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we ony ýerinde bellemek bilen baglanyşykly meselelere seretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karara gol çekendigi barada habar beripdik.