Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi

19:3526.07.2023
0
35168

Şu gün wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň, Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri S.Muhriddiniň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri B.Saidowyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň şu ýylyň awgust aýynyň başynda Aşgabatda geçiriljek Sammitine taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler boljak duşuşygyň meýilnamasynyň taslamasyny, gün tertibini hem-de Sammitiň jemleýji resminamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu nukdaýnazardan ministrler sebit hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň