Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Alpha Home» dizaýn studiýasy sargyt esasynda ýarym ýyl garaşaryna islendik mebel görnüşini taýýarlaýar

10:0203.08.2023
3
31289

«Alpha Home» dizaýnerlik studiýasy tölegini 3 aýdan 6 aýa çenli garaşaryna tölemek şerti bilen ýumşak hem-de göwrümli mebelleriň islendik görnüşini ýasadyp bolýandygyny ýatladýar.

Garaşaryna, möhletleýin töleg geçirmek şertini resmileşdirmek üçin pasportyňyzyň nusgasyny we iş ýeriňizden kepilnama bermelidir. Şeýle hem, bu hyzmat ýola goýlanda, ilki bilen, sargydyň umumy mukdarynyň 30%-ini tölemeli, harydyň bahasynyň galan bölegi bolsa ylalaşylan möhletde tölenmelidir. Her geçirilen töleg üçin bolsa satyn alyja degişli töleg hasap ýazgysy berilýär.

«Alpha Home» studiýasyndan myhman otagy, ýatylýan otag, aşhana, çagalar otagy üçin mebelleri, şeýle hem telewizor şkaflary, trýumo, dürli görnüşli şkaflar, girelge mebelleri we başgalar ýaly islendik mebelleri sargyt edip bilersiňiz.

«Alpha Home» kompaniýasynyň ofisi şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., Atamyrat Nyýazow köçesi, 186-njy jaý («Bereket» binasy), girelge howludan.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 67 47 40, (+993 65) 64 44 47, (+993 12) 12 12 61, (+993 12) 12 12 71, (+993 12) 12 12 81 hem-de (+993 12) 12 12 91.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň