Top.Mail.Ru

Aksoltan Ataýewa ESKATO-nyň ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşdy

13:3713.07.2023
0
32814

2023-nji ýylyň 12-nji iýulynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş toparynyň (ESKATO) ýerine ýetiriji sekretary hanym Armida Salsiýa Alişahbana bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-däki wekilhanasy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ESKATO-nyň, esasan, durnukly ulag ulgamy we energetika howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi, betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, taraplar BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasy bolan SPECA-nyň çäklerindäki gatnaşyklar barada hem pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, ESKATO-nyň ýerine ýetiriji sekretary Türkmenistanyň Hökümetini Arkadag şäheriniň açylmagy bilen gutlady we özüniň «Durnukly şäher ulagy: DÖM-iň 11-nji maksadyna ýetmekde durnukly ulag we Arkadag şäheriniň modeli bilen bagly BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli Maslahatyna taýýarlyk» çäresine gatnaşjakdygyny tassyklady. Ol Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan 17-nji iýulda EKOSOS-yň howandarlygynda geçjek ýokary derejeli syýasy forumyň çäginde guralar.

Türkmenistanyň BMG-daky hemişelik wekili ESKATO-nyň ýolbaşçylygyna we sekretariatyna, BMG-niň Aral deňzi boýunça ýörite maksatnamasyny döretmek baradaky komissiýanyň kararyny kabul etmekde türkmen tarapyna berlen goldawy we işjeň hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň