Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy ýurduň telekeçilerine 2023-nji ýylyň I ýarym ýyly üçin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasabat döwrüniň başlanandygyny mälim edýär.
«Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 23-nji maddasyna laýyklykda, telekeçiler şu ýylyň 1-nji iýulyndan 15-nji awgustyna çenli aralykda pensiýa gatançlaryny tölemelidirler.
Pensiýa gatançlary onlaýn ýagdaýda — Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň web sahypasynda hem tölenip bilner.