Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Ruhy Lideri Aýatolla Ali Hameneýi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa «Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň» iki jiltlik ýygyndysyny sowgat hökmünde iberdi. Bu ajaýyp, gymmatly sowgadyň gelip gowuşmagy mynasybetli, şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda dabaraly maslahat geçirildi. Türkmen döwleti we halky üçin taryhy ähmiýeti bolan waka mynasybetli bu maslahaty Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty gurady.
Çärä Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ýolbaşçylary we alymlary, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, maslahatda medeni-ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Dabaraly maslahatyň dowamynda iki goňşy ýurduň halklarynyň taryhyň dowamynda ýygjam gatnaşykda bolandygy, şunda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berlendigi barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, parahatçylyk söýüji we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly bolan Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Munuň özi ýurduň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Ruhy Lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna sowgat hökmünde «Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň» iki jiltlik ýygyndysyny ibermegi iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilýändiginiň we goňşy döwletiň Türkmenistana aýratyn sarpa goýýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Maslahatda çykyş edenler «Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň» iki jiltlik ýygyndysynyň gelip gowuşmagynyň aýratyn taryhy wakadygyny nygtap, onuň türkmen halkynyň beýik söz ussadynyň edebi mirasynyň ylmy esasda öwrenilmeginde ähmiýetli boljakdygyny bellediler.
