Türkmen zyýaratçylary haj zyýaratyna ugradylar, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri PHYF-e gatnaşýar, Türkmenistanda ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagy üçin jerime barada nädip maglumat almaly we beýleki habarlar

11:3116.06.2023
0
31967

Türkmenistan

1. Türkmenistanly zyýaratçylaryň ilkinji tapgyry Mekgedäki we Medinedäki mukaddes ýerlere haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystanyna ugradylar. Bu topar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen ugrady. Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti 2312 sany türkmen zyýaratçysyny Saud Arabystanyna ibermegi meýilleşdirýär. Bu maksat bilen, «Türkmen howa ýollary» 2023-nji ýylyň iýun-iýul aýlarynda Aşgabat – Jidda – Aşgabat we Aşgabat – Medine – Aşgabat ugurlary boýunça sekiz sany ýörite howa gatnawyny amala aşyrar.

2. Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Peterburg Halkara ykdysady forumyna gatnaşýar. Forumyň çäginde ol Russiýanyň ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow bilen duşuşar we mejlisleriň birinde çykyş eder.

3. Awtomatlaşdyrylan ulgamyň girizilmegi bilen, ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulandygy üçin jerimeleriň bardygyny onlaýn usulda barlamak mümkin boldy. Munuň üçin «Türkmenpoçtanyň» «Çapar» ykjam programmasynda hasaba alynmak we «PÝGG jerimeler» bölüminde awtoulagyň hususy hasaba alyş belgisini girizmek gerekdir. Menýudan alnan jerimäni saýlap, derrew bank karty ýa-da ykjam telefonyň hasaby arkaly tölemek mümkindir.

4. 21-nji iýunda Aşgabatdaky «Bagtyýarlyk» sport toplumynda Halkara ýoga güni belleniler. Çäräniň guraýjysy hökmünde Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy çykyş edýär. Ýogany we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen çärä ähli isleg bildirýänler gatnaşyp bilerler. Sapak ir sagat 06:30-da başlanýar, ony ýokary hünär derejeli mugallym Mariýa Baryşnikowa alyp barar. Çäräniň geçirilýän ýerine ol başlamazdan 15 minut öň gelmeli, ýanyňyzda ýoga halyçasy bolmaly, şeýle hem geýim düzgünine üns bermeli – ýokarky geýim ak, aşaky geýim gara bolmaly.

Dünýäde

5. «Perwyý kanal-yň» prezidenti Konstantin Ernst ýaýlymda Larisa Guzeýewa we Roza Sýabitowanyň alyp barmagynda «Gel durmuş guraly» («Dawaý poženimsýa») atly gepleşigiň ýaýlyma goýberilýändigi barada habar berdi. Ernstiň bellemegine görä, gepleşigiň surata düşürilişi 19-njy iýunda başlanar we tomaşaçylaryň köp sanly haýyşy sebäpli gepleşik aýyň ahyrynda ýaýlyma gaýtadan berlip başlanar. Gepleşigiň sýužetine görä, onuň gahrymanlary gezekli-gezegine üç sany gelin ýa-da öýlenjek ýigit bilen duşuşýarlar we ahyrynda olaryň birini: haýsysy bilen gatnaşyklaryny dowam etdirmek isleseler, şony saýlaýarlar.

Sport habarlary

6. Türkmenistanly Aýbegşazada Kürräýew Bişkekde geçirilýän ýaşlaryň arasynda grek-rim göreşi boýunça Aziýa çempionatynda (U-23) 130 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy. Bürünç ugrundaky göreşde türkmen pälwany özbegistanly Asrorbek Anwarjonowy ýeňdi (4:0). Ýaşlaryň we harby okuwçylaryň arasynda grek-rim göreşi boýunça Aziýa çempionatyn – 2023 18-nji iýunda tamamlanar. Ýaryşlar iki ýyl bäri yzly-yzyna iki ýaş derejesinde – 17 ýaşa çenli we 23 ýaşa çenli derejelerde geçirilýär.

7. «Transfermarkt» internet-portaly Daşkentde we Bişkekde geçirilýän CAFA Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň çempionatynda çykyş edýän iň köp pul tölenýän futbolçylaryň sanawyny düzdi. Şeýlelikde, Eýranyň milli ýygyndysynyň «Portu» toparynyň hüjümçisi Mehdi Taremi ýaryşyň iň gymmat oýunçysy boldy. Ikinji orny «Baýer» toparynyň eýranly türkmen gelip çykyşly oýunçysy Serdar Azmun eýeledi. «Roma» toparynda çykyş edýän Özbegistan milli ýygyndysynyň hüjümçisi Eldor Şomurodow ilkinji üçlügi tamamlady. Bu ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň iň gymmat oýunçysy «Arkadagyň» hüjümçisi Arslanmyrat Amanowdyr.

8. Futbol boýunça Ispaniýanyň milli ýygyndysy Milletler ligasynyň ýarym final duşuşygynda Italiýany 2:1 hasabynda ýeňdi. Ispaniýanyň milli ýygyndysy final oýunda bir gün öň goşmaça wagtda Niderlandlary 4:2 hasabynda ýeňen Horwatiýanyň topary bilen duşuşar. Final we üçünji ýer üçin duşuşyklar 18-nji iýunda geçiriler. Milletler ligasynyň final tapgyry Niderlandlarda geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň