Şu gün Türkmenistanyñ Ministrler Kabinetiniñ ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiñ «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen ilkinji tapgyrdaky türkmen zyýaratçylary Mekgede we Medinede haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, paýtagt şähere we welaýatlara wekilçilik edýän zyýaratçylar şu gün, ilki bilen, Aşgabatdaky Hezreti Omar metjidinde jemlendiler.
Soñra zyýaratçylar döwrebap awtobuslar bilen Aşgabadyñ Halkara howa menziline bardylar. Bu ýerden olar ýörite niýetlenen uçar bilen, haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar.
Ozal Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniñ şu ýylyň haj möwsüminde 2312 zyýaratçyny haj parzyny berjaý etmekleri üçin Saud Arabystany Patyşalygyna ibermegi meýilleşdirýändigi barada habar beripdik.
Türkmen zyýaratçylarynyñ tutuş dünýäniñ musulmanlary bilen birlikde, yslam dünýäsinde ekiz şäherler hasaplanylýan mukaddes Mekgede we Medinede etjek doga-dilegleri Beýik Biribaryñ dergähinde kabul bolsun! Olar sag gidip, aman gelsinler!