Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Markayoly» — harytlaryň köpdürli görnüşleri we onlaýn hyzmatlaryň ýokary hili

10:2213.06.2023
0
32933

«Markayoly» internet dükany — dürli görnüşli, köp sanly harytlaryň ygtybarly hem-de jogapkärli paýlaýjysydyr.

Internet dükany elektronika, egin-eşik önümçiligine we gözellik pudagyna, sport hem-de başga-da dürli ugurlara degişli çagalardyr uly ýaşlylar üçin niýetlenen 10 milliondan gowrak harytlary hödürleýär.

Satyn alynýan harytlaryň ýokary hil derejesi daşary ýurtlardan getirýän ygtybarly paýlaýjylar bilen hyzmatdaşlyk esasynda kepillendirilýär.

Kompaniýanyň esasy maksatlarynyň biri onlaýn söwda üçin oňaýly we howpsuz gurşawy döretmekdir. Hut şu maksatlardan ugur alnyp hem, onlaýn dükanyň bary-ýogy birnäçe düwmä basmak bilen özüňe gerek harydy ýeňillik bilen tapyp sargyt etmäge mümkinçilik berýän sadadan düşnükli interfeýsi işlenip düzüldi. Sargytlaryň eltilip berilmegi bolsa, müşderi üçin näçe gyssagly hem oňaýly bolan wagt möhletinde ýerine ýetirilýär.

Onlaýn dükana girmek üçin «AppStore» we «Google Play» internet dükanyndan mobil goşundysyny ýükläp almak ýeterlikdir.

Habarlaşmak üçin:

  • elektron poçtasynyň salgysy: info@MARKAYOLY.com;
  • telefon belgisi: +993(62) 12-34-56;
  • ýerleşýän salgysy: Andalyp köçesi, Parahat 4 ýaşaýyş toplumy («Söwda we işewürlik merkezi» binasy).

Bellik: aksiýa boýunça täzelik: «Sarayan» fabrikasyna ýörite niýetlenen iş eşiklerini sargyt ediň we «Turkmenportal» informasion web saýtynda harydyňyzy ýa-da hyzmatyňyzy mahabatlandyrmaga mümkinçilik alyň».

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň