TFF-niň kubogy: «Merw» bilen «Altyn asyr» ýoluny ýitgisiz dowam edýär

22:2010.06.2023
0
30209

Şu gün, 10-njy iýunda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň 3-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Onuň netijesinde ýaryş tertibiniň öňbaşçylary “Merw” hem-de “Altyn Asyr” toparlary nobatdaky ýeňişlerini gazandylar. Bu tapgyryň çäginde “Merw” “Energetigi” ýeňlişe sezewar etse (2:1), “Altyn Asyr” “Şagadamdan” üstün çykdy – 2:0.

Tapgyryň ýene-de bir duşuşygynda “Ahal” “Aşgabady” ýeňmegi başardy – 4:0.

Şeýlelikde, geçirilen duşuşyklardan soň “Merw” bilen “Altyn Asyr” toparlary toplan 9 utuklary bilen ýaryş tertibinde ýokarky orunlary eýeleýärler.

TFF-niň Kubogynyň üçünji tapgyrynyň duşuşyklary 12-nji iýunda geçiriler: “Ahal” - “Merw”, “Altyn Asyr” - “Energetik”, “Aşgabat” - “Şagadam”.

3-nji tapgyryň duşuşyklary:

“Aşgabat” – “Ahal” – 0:4

Gollar: 48 Daýanç Meredow, 57 Döwran Hojamämmedow, 84 Adylbek Röwşenow, 88 Begenç Mämiýew (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: Bagyr ýaşaýyş toplumynyň stadiony (Aşgabat ş.)

“Şagadam” – “Altyn Asyr” – 0:2

Gollar: 45+2 Söhbet Durdyýew, 90+5 Röwşen Halmämmedow (“Altyn Asyr”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Aşgabat ş.; Büzmeýin etr.)

“Energetik” – “Merw” – 1:2

Gollar: 47 Reşit Çerkezow (“Energetik”) – 48 Musa Nurnazarow, 84 Myrat Öwezmyradow (“Merw”)

Bellik: “Merw” toparynyň oýunçysy Alibek Abdyrahmanow duşuşygyň 18-nji minutynda 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.

Geçirilýän ýeri: “Babarap” stadiony (Ahal wel.)

Ýaryş tablisasy:

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. “Merw” FK 3 3 0 0 9-3 9
2. “Altyn Asyr” FK 3 3 0 0 7-1 9
3. “Ahal” FK 3 2 0 1 7-2 6
4. “Şagadam” FK 3 1 0 2 2-5 3
5. “Energetik” FK 3 0 0 3 1-5 0
6. “Aşgabat” FK 3 0 0 3 1-11 0
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň