Daşoguz we Balkan welaýatlarynda galla oragyna girişildi

10:5210.06.2023
0
30429

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary galla oragyna girişdiler. Galla oragy möwsümine başlamaga Prezident Serdar Berdimuhamedow 26-njy maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda ak pata beripdi.

Daşoguz hem-de Balkan welaýatlarynda oragyň başlanmagynyň öňüsyrasynda welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, tejribeli agronomlaryň, mehanizatorlaryň, kärendeçi gallaçylaryň gatnaşmagynda önümçilik-okuw maslahatlary geçirildi. Okuw maslahatlarynda orak möwsümine taýýarlyk işleri, galla oragyna gatnaşýan ähli düzümleriň işiniň takyk we sazlaşykly alnyp barylmagyny gazanmak meselelerine üns çekildi.

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda ilkinjileriň hatarynda galla oragyna başlamak Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň gallaçylarynyň paýyna düşdi. Bu ýerde bugdaýyň bereketli hasyly ýetişdirildi. Hormatly ýaşulular halkyň asyrlarboýy dowam edip gelýän asylly däbine eýerip, Beýik Biribardan hasylyň üstünlikli ýygnalmagyny dileg etdiler. Soňra hormatly ýaşulular «Harmanyňyza bereket, çäjiňize bereket!» diýen sözler bilen ilkinji bugdaý desselerini ordular hem-de täze hasyl möwsüminiň nyşany hökmünde orlan bugdaý bogdagyny kombaýnçylara berdiler.

Şu möwsümde Daşoguz welaýatynyň ekerançylary 265 müň tonna däne taýýarlamagy maksat edinýärler. Ýerli gallaçylar bugdaýyň sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hasylly görnüşlerini ekdiler.

Ýük awtoulaglary ýygnalyp alnan bugdaý hasylynyň kabul ediş bölümlerine, ammarlara we elewatorlara daşalmagyny üpjün ederler. «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň barlaghanalary hem doly taýýarlyk ýagdaýynda. Olaryň hünärmenleri iň täze enjamlaryň kömegi bilen meýdanlardan gelip gowuşýan dänäniň hilini dessin kesgitlärler.

Orak möwsüminiň her gününi netijeli geçirmek maksady bilen, welaýatda zerur bolan taýýarlyk işleri geçirildi. Däne orujy kombaýnlaryň onlarçasy meýdana çykaryldy. Olaryň üznüksiz işlemegi üçin abatlaýyş-mehaniki ulgamyň işi ýaýbaňlandyryldy we awtoulaglar, ätiýaçlyk şaýlary, ýangyç-çalgy ýag serişdeleri bilen ýeterlik möçberde üpjün edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Ozal Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda galla oragyna girişilendigi barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň