Turkmenportal logo
02.06.23
3256632566
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şu gün Türkmenistanda galla oragyna girişilýär
Şu gün Türkmenistanda galla oragyna girişilýär

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 26-njy maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde şu ýyl ýurduň welaýatlarynda gallanyň bol hasylynyň ýetişdirilendigini belledi. Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 2-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 9-njy iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi we hormatly ýaşululardan galla oragyna «Bissimilla!» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.


Şu ýyl Türkmenistan boýunça 690 müň gektar meýdanda ýetişdirilen bugdaýdan 1 million 400 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Galla oragyna gatnaşýan kombaýnlaryň ählisi-de daşary döwletlerde öndürilen «John Deere», «CLAAS», «Case» kysymly kämil we ýokary öndürijilikli kombaýnlardyr. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.