Arhiw

«Geljegi döretmek» forumynyň çäginde türkmen wekiliýeti birnäçe duşuşyk geçirýär

11:2309.06.2023
0
41739
«Geljegi döretmek» forumynyň çäginde türkmen wekiliýeti birnäçe duşuşyk geçirýär
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A.Amanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 8-9-njy iýunda Kazanda geçirilýän «Geljegi döretmek» atly bilim ministrleriniň Halkara forumyna gatnaşýar.

Foruma Türkmenistan, Birleşen Arap Emirlikleri, Müsür, Senegal, Mali, Zimbabwe, Merkezi Afrika Respublikasy, Siriýa Arap Respublikasy, Pakistan, Mýanma, Şri-Lanka, Kuba, Wenesuela, Belarus, Gyrgyzystan, Täjigistan we Gazagystan ýaly 20-den gowrak ýurtdan bilim ministrleri ýygnandy.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin forumda wideoýüzlenmesi bilen çykyş etdi. Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň bilim ministri Sergeý Krawtsow, Ylym we Ýokary bilim ministri Waleriý Falkow we beýleki rus we daşary ýurt işgärleri hem çykyş etdiler. Mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar bilimiň ykdysadyýeti ösdürmekdäki orny, ýokary hilli bilimiň elýeterli bolmagy, bilim bermegiň täze usullary, ýaşlar bilen işlemek, çagalaryň dynç almagy, çagalar bilen işlemek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Forumyň çäginde ýöriteleşdirilen sergi geçirildi, bu ýerde bilim we usulyýet gollanmalary, okuw otaglary, barlaghanalar we hünärden öňki synplar üçin esbaplar we enjamlar görkezildi.

Türkmen wekiliýeti Halkara forumyň çägindäki çärelere, bilim ministrleriniň köptaraplaýyn duşuşygyna, Russiýa Federasiýasynyň Bilim ministrliginiň we käbir rus uniwersitetleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklara gatnaşar we Kazan şäherindäki «Полилингвальный комплекс «Адымнар — путь к знаниям и согласию» atly ýöriteleşdirilen mekdebiň bilim bermek prosesi bilen tanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň