Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat – Awaza – Aşgabat ugry boýunça petekleriň bahasy belli boldy

17:2607.06.2023
0
92955

Habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 11-nji iýunyndan başlap, «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ Aşgabat – Awaza – Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawy ýola goýlar.

Bu ugur boýunça awtobuslar hepdäniň her güni Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolunyň 422-nji jaýynda ýerleşýän Halkara awtomenzilden sagat 06:00-da we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Ýelkenli köçesiniň ugrunda ýerleşýän 4 gatly 266 orunlyk awtoduralgadan sagat 13:00-da yzyna ugraýar.

Şäherara awtobus gatnawyny amala aşyrýan raýatlar kassalardan petekleri satyn alyp bilerler. Gatnawyň bir tarapy üçin petegiň bahasy 100 manat möçberinde bellenildi. Bu barada «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ resmi saýtynda habar berildi.

Bu ugurlar boýunça petekleri «Türkmenawtoulaglary» gullugynyň resmi web sahypasyndan onlaýn satyn alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň