«Alpha Home» göterimsiz bölekleýin töleg geçirmek şerti bilen sargyt esasynda mebel ýasap berýär

10:3807.06.2023
0
22086

«Alpha Home» mebel dizaýn studiýasy Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna hem-de myhmanlaryna 3 aýdan ýarym ýyla çenli möhlete bölekleýin, göterimsiz töleg geçirmek esasynda ýumşak hem-de göwrümli mebelleriň islendik görnüşini ýasap berýändigini ýatladýar.

Garaşaryna mebel satyn almak üçin pasportyň nusgasyny we iş ýeriňden kepilnama getirmeli, şeýle-de mebeliň bahasynyň 30%-ini geçirmelidir. Harydyň galan tölegini bolsa müşderi deň möçberde möhletlere bölüp tölemeli. Her gezekki geçirilen töleg üçin bolsa, ýörite tölegiň hasap ýazgysy ýazylyp berilýär. Tölegiň garaşaryna, möhletleýin kabul edilýändigine garamazdan, harydyň bahasyna göterim goşulmaýar.

«Alpha Home» studiýasynyň ussalary diwanlary we kreslolary, krowatlary, çagalar otagy üçin mebel toplumlaryny, aşhana we naharhana garnituralary, telewizor tumbalaryny, girelge mebellerini hem-de beýleki önümleri ýasaýarlar.

«Alpha Home» mebellerini şu salgydan sargyt edip bolýar: Aşgabat ş., Atamyrat Nyýazow köçesi, 186-njy jaý («Bereket» binasy), girelge howludan.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 67 47 40, (+993 65) 64 44 47, (+993 12) 12 12 61, (+993 12) 12 12 71, (+993 12) 12 12 81 we (+993 12) 12 12 91.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň