Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Gazagystana yzygiderli howa gatnawlaryny dikeltdi, Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde baýramçylyk çäreleri geçirildi, Arkadag şäherine we Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna ÝHHG-niň güwänamalary gowşuryldy we beýleki habarlar

12:0002.06.2023
0
34870

Türkmenistanda

1. «Türkmenhowaýollary» iki ýyllyk arakesmeden soň, Türkmenistandan Gazagystana howa gatnawyny gaýtadan ýola goýdy. 2-nji iýunda awiakompaniýa Aşgabat — Almaty we Almaty — Aşgabat gatnaw ugry boýunça yzygiderli gatnawlary dikeltdi. Howa gatnawlary hepdede bir gezek, her anna güni amala aşyrylar. Gatnawyň dowamlylygy takmynan 2,5 sagada deň bolar. Aşgabatdan Almata uçmak üçin gatnaw petegini turkmenistanairlines.tm saýtyndan satyn alyp bolýar. Türkmenistanyň raýatlary üçin Aşgabat — Almaty gatnaw ugrunyň peteginiň bahasy 2023-nji ýylyň iýun aýynyň ýagdaýyna görä — 3587.5 türkmen manadyna barabar.

2. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onuň dowamynda bu ýerde terbiýelenilýän çagalara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan sowgatlar gowşuryldy.

3. Arkadag şäheri «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, ýaşyl howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulandygy hakyndaky, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bolsa «EcoPorts» derejesiniň berlendigi hakyndaky güwänamalara eýe boldy. Bu sylaglary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid gowşurdy.

4. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti «Times Higher Education» iňlis neşiriniň hasabatyna görä, 2023-nji ýylda dünýäniň iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna ýakynlaşdy. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti: «Ýokary hilli bilim», «Gender deňligi», «Ýerüsti ekoulgamlary gorap saklamak» we «Maksatlara ýetmek ugrunda hyzmatdaşlyk» ýaly maksatlaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşdy.

5. Italiýanyň görnükli opera aýdymçysy Mariýa Pişitelli Aşgabat şäherinde saparda bolýar. Ol Türkmenistana ýörite meşhur italýan kompozitory Juzeppe Werdiniň 210 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek «WERDI» konsertine gatnaşmak üçin geldi. Saparynyň çäklerinde tanymal aýdymçy zenan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ussatlyk sapagyny geçdi.

6. Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde welaýat adalat bölüminiň täze edara binasy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Täze binanyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Balkan welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, welaýatyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, sungat ussatlary hem-de şäheriň köpsanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Dünýäde

7. Russiýanyň Baltika federal uniwersitetiniň alymlary suwotulardan nebit çykarmak tehnologiýasy üçin patent aldylar. Bu tehnologiýany ulanyp nebit öndürmek üçin çig mal hökmünde tolkunlar bilen köp mukdarda deňziň kenaryna akyp gelýän suwotular we deňiz zyňyndylary çykyş edýär. Suwotulardan we zibillerden ybarat biomassalar ýörite reaktora ýüklenip, 30-40 derejede atmosfera basyşy bilen 300 gradusda gyzdyrylýar. Şeýlelik bilen, reaktorda nebit, kömür we suw sorulyp alynýar.

8. 30-njy maýda Gyrgyzystanda ýurduň Prezidenti Sadyr Žaparow täze Asman şäheriniň ilkinji binasynyň düýbüni tutdy. Täze şäheriň taslamasyny taýýarlamak we onuň degişli resminamalaryny düzmek iki ýyl dowam etdi. Taslama laýyklykda, meýdany 4 müň gektar çäkde guruljak şäherde 500-700 ýaşaýjy ýaşap biler.

Sport habarlary

9. Mergen Orazowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň tälimçiler düzümi 10 — 20-nji iýun aralygynda geçiriljek CAFA Nations Cup 2023 Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň çempionatyna gatnaşjak milli ýygyndynyň düzümini mälim etdi. Bu düzüm 25 futbolçydan ybarat. Milli ýygyndyda şeýle-de daşary ýurtlarda çykyş edýän Teýmur Çaryýew («Abdyş-Ata», Gyrgyzystan), Mirza Beknazarow («Narwa-Trans», Estoniýa) ýaly futbolçylar çykyş eder. Türkmenistanyň milli ýygyndy topary CAFA Nations Cup 2023 ýaryşyna şu gün Russiýa Federasiýasynyň Moskwa oblastynyň Ýegorýewsk şäherinde taýýarlyk görüp başlar.

10. Lionel Messi möwsüm tamamlanandan soňra, «PSŽ-ni» terk eder. Bu barada şu gün geçirilen metbugat konferensiýasynda toparyň tälimçisi Kristof Galte mälim etdi. «Futbolyň taryhyndaky iň gowy oýunça tälim bermek meniň üçin uly hormat boldy. «Klermon» bilen oýnaljak oýun Messi üçin «Park de Prensdäki» iň soňky duşuşyk bolar» diýip, tälimçi belledi. çempionlygy wagtyndan öň özüniňki eden «PSŽ» 3-nji iýun güni «Park de Prens» stadionynda Fransiýanyň çempionatynyň ahyrky tapgyrynda «Klermony» kabul eder. Lionel Messi şu möwsümde Liga 1-iň 31 oýnunda meýdança çykyp, 16 gol urdy hem-de 16 golly pas berdi. Argentinaly superýyldyz 2021-nji ýylyň tomsunda erkin agent hökmünde «PSŽ-niň» düzümine goşuldy. Ol geçen iki ýylyň dowamynda topary bilen bilelikde iki gezek Fransiýanyň çempiony boldy. Şeýle-de bir gezek ýurduň Superkubogyna mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň