Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde welaýat adalat bölüminiň täze edara binasy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Balkan welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, welaýatyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, sungat ussatlary hem-de şäheriň köpsanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berildi.
Döwrebap binanyň gurluşygynda yhlasly zähmeti bilen tapawutlanan ussat gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Soňra ýaşuly nesliň wekilleri toý bagyny kesip, welaýat adalat bölüminiň täze edara binasynyň işine ak pata berdiler.
Balkan welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk dolandyryş edarasynyň buýurmasy esasynda gurluşyk işlerini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy, «Gündogdy» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary ýerine ýetirdiler.
Üç gatdan ybarat binada işlemek üçin döredilen mümkinçilikler bolsa dabara gatnaşyjylarda çuňňur kanagatlanma duýgularyny döretdi. Sebäbi ak mermer bilen bezelen bina iş we beýleki hojalyk otaglarynyň 80-sini özünde jemläp, olar ösen tehnologiýalar, häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleri, kompýuterler, döwrebap mebeller bilen üpjün edilipdir. Binada ýygnak geçirmek üçin zal, kitaphana, garbanyşhana, naharhana, internet otagy ýerleşýär. Ýyladyş we sowadyş enjamlary, elektrik üpjünçiligi üçin binalary özbaşdak ýerleşýän edara jaýynyň howlusynda üsti ýapyk we açyk duralgalar, suw howuzlary bar.