Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmen howa ýollary» Beýik Britaniýa bilen Wýetnamyň arasynda ýük gatnawlaryny amala aşyrar, «Ak şäherim Aşgabat» sergisi iki gün dowam eder, Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi we beýleki habarlar

10:5023.05.2023
0
27079

Türkmenistanda

1. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Wýetnam bilen Beýik Britaniýanyň arasynda ýük daşamalaryny amala aşyrýan ilkinji awiakärhana boldy. Bu ugruň ikitaraplaýyn söwdanyň ösmegine itergi bermegine garaşylýar. Ýatlatsak, şu ýyl «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlar parky dürli möçberdäki ýükleri uzak aralyklara daşamak üçin enjamlaşdyrylan iki sany Airbus ýük uçary bilen üsti ýetirildi.

2. Aşgabat şäher häkimligi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilelikde 24-25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergini geçirýärler. Sergä 24-nji we 25-nji maýda sagat 10:00-dan şu salgy boýunça gatnaşyp bilersiňiz: Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýy.

3. Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda şäheriň Büzmeýin etrabynda iki sany dört gatly 24 we 32 öýli ýaşaýyş jaýynyň ulanmaga berilmegi mynasbetli dabaraly çäre geçirildi. Täze göçüp gelenlere dabaraly ýagdaýda täze jaýlaryň açarlary gowşuryldy. Işlerinde aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

4. Bu hepdede ýurduň sebitleriniň aglabasynda türkmen tomsuna mahsus gurak güneşli howa bolar. Hepdäniň ortalarynda Balkan welaýatynda howanyň gyzgynlygynyň +36… +41° çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Dynç günlerine ýakyn ýurduň galan ýerlerinde howanyň temperaturasynyň +28… +33°, käbir ýerlerde +35° çenli peselmegine garaşylýar.

5. Ženewada geçirilen Bütindünýä Saglygy goraýyş assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň işine gatnaşmagyň çäklerinde türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk eden Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Atageldi Germanow BSGG-niň Baş direktory Tedros Gebreisus bilen duşuşdy. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy BSGG-niň Baş direktoryny 2024-nji ýylyň aprelinde Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek 3-nji Ministrler derejesindäki maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

Dünýäde

6. Türkiýäniň daşynda ýaşaýan ýurduň raýatlary prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ses berip başladylar. 73 ýurtda 167 saýlaw uçastogy açyldy. Türkiýäniň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda ses berişlik 24-nji maýa çenli dowam eder. Saýlawçylar ýurduň häzirki Prezidenti Rejep Ärdogany ýa-da ýeke-täk garşydaş dalaşgär Kemal Kylyçdarogluny saýlamaly bolarlar. Türkiýäniň özünde saýlawlaryň ikinji tapgyry 28-nji maýda, ýekşenbe güni geçiriler.

7. Ýaponiýaly konditerler dünýäde iň gymmat doňdurmany döretdiler. Bu süýjüligiň bir adamlygynyň bahasy 18 müň dollardan gowrakdyr. Onuň taýýarlanyş usuly bir ýarym ýylyň dowamynda döredildi. Gaýtalanmajak süýjüligiň düzümine dünýädäki iň gymmat önümleriň biri – Italiýanyň Alba şäherinde ösdürilip ýetişdirilen ak trýufel goşulýar. Bu kömelegiň bir kilogramynyň bahasy, takmynan 14 400 dollardyr. Şeýle hem konditerler örän gymmat bahaly bu doňdurmanyň düzümine «Parmijano Rejano» peýnirini we sake çökündisini hem goşýarlar. Süýjülik eýýäm Ginnesiň rekordlar kitabyna dünýäniň iň gymmat doňdurmasy hökmünde girdi.Sport habarlary

8. Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň sekizinji tapgyrynyň meýilnamasy şu gün «Köpetdag» – «Nebiçi» oýny bilen badalga alar. Tapgyr çarşenbe güni üç oýun bilen dowam etdiriler: «Merw» «Energetigi» kabul eder, «Altyn asyr» çempionatyň sanawynda «Arkadagyň» yzyndan ýetmäge synanyşar, «Aşgabat» bolsa «Şagadama» garşy duşuşyk geçirmek üçin Türkmenbaşy şäherine ugrar. 7 tapgyryň netijelerine görä, «Arkadag» 18 utuk bilen çempionatyň sanawynda öňdeligi eýeleýär. Aşgabadyň «Altyn asyr» topary bolsa 14 utuk bilen ikinji orunda barýar.

9. Döwletjan Ýagşymyradowyň özboluşly söweş usuly, MMA-da gazanan ajaýyp üstünlikleri, şeýle hem şahsy häsiýetleri dünýädäki ýüzlerçe müň söweş sungaty muşdaklarynyň ýüreginde orun aldy. 22-nji maýda türkmen türgeni 34 ýaşady. Ol karýerasynda 28 söweş geçirip, şolaryň 20-sinde ýeňiş gazandy. Ýagşymyradow ACB we ACA ýaly guramalaryň çempiony boldy. Şeýle hem ol karate boýunça Türkmenistanyň çempionydyr. Mundan başga-da, Döwletjan Ýagşymyradow Türkmenistanyň «Bellatordaky» ilkinji wekili bolup, guramanyň ýarym agyr agram derejesinde altynjy orny eýeleýär. Döwletjanyň 2022-nji ýylda aktýorçylyk karýerasyna başlandygyny hem bellemek gerek. Türgen «Guruluş: Osman» atly türk teleserialynda epizodlyk keşbi janlandyrdy.

10. Maryda ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça Türkmenistanyň çempionaty başlandy. Bäsleşiklere 145 türgen gatnaşýar. Milli çempionatyň ýeňijilerine baýraklar garaşýar. Ýaryşyň netijeleriniň esasynda 28-nji iýuldan 5-nji awgust aralygynda Nýu-Delide geçiriljek ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli ýygyndysyna dalaşgärler saýlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň