Soňky habarlar

Arhiw

Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary we myhmanlary «Türkmenpoçta» kompaniýasynyň «gapydan gapa» hyzmatyndan işjeň peýdalanýarlar

10:3916.05.2023
0
37731

Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň arasynda «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň welaýat bölüminiň hyzmatlaryndan, şol sanda hatlary, ýollamalary ýa-da bukjalary «gapydan gapa» eltip bermek boýunça çaparçylyk hyzmatyndan peýdalanýanlaryň sany barha artýar.

Kompaniýanyň sazlaşykly işi netijesinde eltip bermek boýunça çaparçylyk hyzmaty diňe bir iri şäherleriň çäklerinde däl, eýsem, ýurduň çetki nokatlarynda we barmasy kyn bolan etraplarda hem amala aşyrylýar.

«Türkmenpoçtanyň» çaparyny kompaniýanyň post.tm saýtynda hasaba alynmak hem-de «Çapar» ykjam programmasy arkaly sargyt etmek mümkindir, şeýle-de «Çapar» (Google Play, App Store) ykjam programmasy ýollanmanyň ýerleşýän ýerini çalt yzarlamaga mümkinçilik berýär.

Hyzmatlaryň ýokary derejesi, baý tejribesi we sazlaşykly logistika ulgamy kompaniýa gysga wagtyň içinde bellenilen ýerlere zerur ýollamalary eltip bermäge mümkinçilik döredýär.

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň we onuň welaýat bölümleriniň işi barada has anyk maglumatlary guramanyň resmi saýtyndan alyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň