Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Täjigistana iki günlük döwlet saparyny tamamlady, Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini ugratdy, Türkmenportal ykjam programmasynyň täzelenen görnüşi çykdy we beýleki habarlar

11:4512.05.2023
0
43930

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistana iki günlük döwlet saparyny tamamlap, Aşgabada dolandy. Saparyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Prezidenti bilen gepleşikleri geçirdi. Olaryň netijeleri boýunça Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnamany kabul etdiler. Saparyň ikinji gününde Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň premýer-ministri bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdy.

2. Türkmenistan Owganystana agramy 125 tonna barabar bolan derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary, azyk we dokma önümleri ýüklenen ynsanperwer kömegini ugratdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, 15-nji maýda türkmen lukmanlarynyň bir topary Turgundy obasyndaky çaga dogrulýan öýünde lukmançylyk-maslahat beriş kömegini amala aşyrmak üçin goňşy Owganystana gider.

3. Arkadag şäheriniň häkimligi jemagat awtoulaglaryny we tehnikalaryny satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär. Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Arkadag şäher häkimliginiň jemagat hojalygy bölüminde 21-nji iýuna çenli kabul edilýär.

4. Türkmenistanyň Mejlisi (parlamenti) Arkadag şäheriniň Kärizek etrabyndaky ýaşaýyş jaý toplumyna şäherçe derejesini berdi we seýis Aba Annaýewiň adyny dakdy. Mundan beýläk ýaşaýyş jaý toplumyny «Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesi» diýip atlandyrmak bellenildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Mejlisi bu şäherçäniň Geňeş agzalarynyň saýlawlaryny 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda geçirmegi karar etdi.

5. Türkmenistan we Ermenistan ulag-logistika infrastrukturasynyň we täze logistika ugurlaryny ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu Türkmenistanyň Ýerewandaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň Ermenistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň ýerine ýetiriji direktory Andranik Aleksanýan bilen bolan duşuşygynyň dowamynda bolup geçdi. Türkmen ilçisinden göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen Türkmenistanda ýük daşaýjylary we işewür-hyzmatdaşlary tapmakda ýardam bermegi haýyş edildi.

6. «Android» we «iOS» operasion ulgamlarynyň binýadynda işleýän smartfon ulanyjylary üçin «Turkmenportal» ykjam programmasynyň täzelenen nusgasy elýeterlidir. Ykjam programmanyň täzelenen nusgasynda işiň durnuklylygy gowulandyryldy, tizligi kämilleşdirildi (optimizasiýa edildi), ownuk näsazlyklar düzedildi we interfeýsi bölekleýin täzelendi. Möhüm täzelikleri sypdyrmazlyk üçin push-habarnamalaryny açyň. Hakykatdanam bilmeli zatlaryňyz barada günde diňe birnäçe gezek duýduryş alynýar.

7. Belgiýada dogry taşlanan zibiller üçin jemagat hojalygy hyzmatlarynda arzanladyş almak mümkindir. Şeýlelik bilen, Hökümet zibilleri ýörite bellenilen ýerlere taşlaýan raýatlaryny höweslendirmek kararyna geldi. Dogry taşlanan zibiller üçin jemagat hojalygy hyzmatlarynda arzanladyş, muzeýde mugt petek ýa-da dükanlarda haryt bilen çalşyp boljak wauçer berilýär.

8. Özbegistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy 10-njy maýdan başlap, möhletinden öň prezident saýlawlary boýunça çäreleriniň başlanandygyny yglan etmek hakyndaky çözgüdi tassyklady. Partiýalar 13-nji maýa çenli doly ygtyýarly wekillerini bellige almak üçin ýüz tutmaly we saýlawlara gatnaşmak üçin resminamalary 15-nji maýa çenli tabşyrmaly. Dalaşgärleri hödürlemek 17-nji maýdan 1-nji iýuna çenli aralykda meýilleşdirilýär. Dalaşgärleriň hasaba alyş resminamalary 2-nji iýuna çenli MSK-a tabşyrylmaly. Hasaba alyş 6-njy iýunda tamamlanmaly.

9. Türkmenistanly Anamjan Rüstamowa Koreýada geçirilen agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda silterläp götermekde bürünç medala mynasyp boldy. Ol bu üstünlige 87 kilograma çenli agram derejesinde gazandy, bu ugurda 6 ýurtdan 7 agyr atletikaçy baýrak ugrunda bäsleşdi. Rustamowa silterläp götermekde 102 kg netije görkezdi. Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň agyr atletika toparyna 16 türgen wekilçilik edýär. Aziýa çempionaty 13-nji maýda tamamlanar.

10. «Ýuwentus» Ýewropa ligasynyň ýarymfinalynyň birinji duşuşygynda «Sewilýa» bilen deňme-deň oýnady. Duşuşyk Turinde geçirildi we 1:1 hasap bilen tamamlandy. Beýleki ýarymfinal duşuşygynda «Roma» öz öýünde «Baýeri» 1-0 hasabynda ýeňdi. Ýewropa ligasyndaky jogap duşuşyklary 18-nji maýda geçiriler. Konferensiýa ligasynyň ilkinji ýarymfinal oýunlarynda Angliýanyň «West Hem» topary Niderlandlaryň «AZ» toparyny ýeňdi, Şweýsariýanyň «Bazeli» myhmançylykda Italiýanyň «Fiorentinasyndan» üstün çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň