Soňky habarlar

Arhiw

GDA-nyň ýolbaşçylary bilen Türkmenistanyň Prezidenti Moskwadaky näbelli esgeriň guburyna gül goýdy

14:1409.05.2023
0
40418

Ozal habar berşimiz ýaly, Moskwada saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA döwletleriniň Baştutanlary bilen bilelikde, näbelli esgeriň guburyna gül çemenini goýmak dabarasyna gatnaşdy. Dabara Ýeňiş gününe bagyşlanan ýörişden soňra geçirildi.

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişe bagyşlanan çäräniň dabaraly bölegine Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ýolbaşçylyk etdi.

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan Moskwada duşuşdylar. Ýokary derejeli wekiliýet agzalary Wladimir Putiniň ýolbaşçylygynda Ýeňiş güni mynasybetli Gyzyl meýdançada guralan ýörişe tomaşa etdiler, soňra bolsa Aleksandrow bagyna geldiler.

Prezident polkunyň harby gullukçylary Baky oda gyzyl gül dessesini goýdular. Şondan soň GDA ýurtlarynyň Baştutanlary gyzyl gülleri goýdular we söweşde wepat bolanlaryň hatyrasyna dymyşlyk bilen hormat goýdular. Soňra ýokary derejeli wekiliýetiň yzy bilen Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary gülleri goýdular.

Soňra Hormat garawuly dabaraly ýöriş bilen geçdi.

2023-nji ýylda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 78 ýyllygy bellenýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň