Turkmenportal logo
09.05.23
4529145291
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Putin Kremlde Serdar Berdimuhamedowy garşylady
Putin Kremlde Serdar Berdimuhamedowy garşylady

Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaraly ýörişe gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine bardy.


Serdar Berdimuhamedowy Kremlde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin garşylady diýip, rus teleýaýlymlary habar berýär.


Kremliň Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, Moskwa Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan hem geldi.


Wekiliýet Wladimir Putin bilen bilelikde näbelli esgeriň guburyna gül çemenlerini goýarlar.