Soňky habarlar

Arhiw

«Daluw» kärhanasy Türkmenistanda Ýewropanyň ýokary hilli ýyladyş pollaryny gurnap berýär

10:3527.04.2023
0
30513

Abatlaýyş we gurluşyk işlerine köpçülikleýin girişilmegi bilen, «Daluw» kärhanasy Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna Çehiýanyň ýokary hilli «Fenix» öndürijisiniň ýylylyk pollaryny gurnamak işlerini hödürleýär.

«Fenix» kompaniýasynyň elektrik ýyladyjy ulgamlarynyň köp dürli görnüşleriniň hatarynda ýyladyjy matlar, plýonkalar we kabeller, şeýle-de olaryň goşmaça enjamlary hödürlenýär.

Dünýäniň dürli ýurtlarynda sarp edijileriniň aglabasy «Fenix» brendine uly isleg bildirýärler. Adamlar bu öý ýyladyş ulgamlaryny ygtybarlylygy, ýokary hili, tygşytlylygy, şonuň bilen birlikde hem uzak möhlete hyzmat edýändigi üçin ýokary bahalandyrma mynasyp hasap edýärler. «Fenix» önümleri üçin türkmenistanlylara 10 ýyllyk kepillik üpjün edilýär.

«Fenix» ýyly pol örtükleri ýörite niýetlenen beton gurnamalaryny talap etmeýär. Ýyladyş ulgamyny diňe plita ýelimini ulanmak arkaly poluň aşagyna ýerleşdirmek bolýar.

Ýeri gelende bellesek, «Daluw» kärhanasy «Fenix» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi paýlaýjysydyr. Elektrik ýylylyk örtüklerini Aşgabat şäherinde şu salgylardan almak bolýar: G.Kulyýew köçesi (ozalky Obýezdnoý), 23-nji jaý, «Myratly Gadam» binasy.

Alyjylaryň islegine görä, «Daluw» kompaniýasynyň tejribeli ussalary ýyladyş örtüklerini zerur bolan salga gurnap bermek işlerini hem ýerine ýetirýärler.

Häzirki wagtda «Daluw» kärhanasynyň elektrik enjamlary hem-de elektrik ýyladyş pol örtüklerini hödürlemekde Türkmenistanda öňdebaryjy kärhanalaryň biridigini ýatlap geçmek gerek. Ýurduň içerki bazarynda «Daluw» kärhanasy Ýewropanyň «Schneider Electric», «Ariston», «Fondital» we «Grundfos» ýaly meşhur kompaniýalaryna wekilçilik edýär.

Habarlaşmak üçin:

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň