«Deňiz» kärhanasy Maryda taýýar biznesi satýar

13:1526.04.2023
0
45961

«Deňiz» türkmen kärhanasy gury we çyg süpürgiçleri, şeýle-de hajathana kagyzyny öndürmäge ýöriteleşdirilen zawodyny satuwa çykardy.

Mary şäherinde ýerleşýän, umumy meýdany 1000 inedördül metre deň bolan zawod häzirki zaman ülňülerine kybap gelýän usullarda gurlup, türk öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Kärhananyň önümçilik kuwwatlylygy bir aýda 20 000 gap çygly süpürgiçleri, 80 000 gap gury süpürgiçleri hem-de 75 000 rulon hajathana kagyzyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Zawodyň meýdançasynda önümçilik sehleri, tejribehana hem-de ofis iş ýerleri bardyr.

Kärhananyň geljekki eýe boljak «Deňiz» (süpürgiçler) we «Rahat» (hajathana kagyzlary) haryt nyşanlaryny ulanmaga hukuk alýar.

Zawodyň ýerleşýän salgysy: Mary welaýaty, Wekilbazar etraby, Mülkamaşa birleşigi.

Has giňişleýin maglumat almak üçin şu telefonlar arkaly habarlaşmak bolýar: (+993 64) 68 12 78.

Şeýlede-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň