Top.Mail.Ru

«Airbus» Türkmenistana iberjek ikinji «A330» ýük uçarynyň reňkleme işlerini tamamlady

13:5925.04.2023
0
36917

«Airbus» «Türkmenistan» awiakompaniýasyna niýetlenen ikinji «Airbus A330-200 P2F» ýük uçarynyň reňkleme işlerini tamamlady.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlaryna mahsus reňkde reňklenen ýük uçaryň Şankon (Irlandiýa Respublikasy) howa menzilinde düşürilen suratlary ýöriteleşdirilen awiasiýa çeşmelerinde peýda boldy. Hasaba alyş belgisi «EZ-F430» bolan uçaryň şu aýda türkmen howa gatnawçysyna gowşurylmagyna garaşylýar.

«Airbus» Türkmenistana ilkinji «Airbus A330-200 P2F» ýük uçaryny mart aýynda iberdi. Uçar 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda fransuz kompaniýasy «Airbus S.A.S» bilen «Türkmenhowaýollary» agentliginiň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda getirildi.

«Airbus A330-200P2F» dürli konfigurasiýaly ýükleri uzak aralyklara daşamak üçin niýetlenilendir. Daşalýan ýükleriň agramy 61 tonna ýetip biler. Şeýle uçarlar bilen ýüki 7,700 km uzaklyga eltmek mümkinçiligi bardyr. Şol bir wagtyň özünde, her bir tonna ýüki eltmegiň bahasy ep-esli azalýar.

Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň floty «Boeing», «Bombardier», «British Aerospace» we «Ilýuşin» tarapyndan öndürilen onlarça uçardan ybaratdyr.

Şeýlede okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň