Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenhowaýollarynyň» «Airbus» uçary ilkinji gezek ýük daşamak hyzmatyny amala aşyrdy

19:2324.04.2023
0
52227

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 17-nji martynda «Airbus» kompaniýasynyň «A330-200» kysymly «P2F» görnüşli bir sany täze ýük howa gämisi Türkmenistana getirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Airbus S.A.S.» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda satyn alynan Airbus «A330-200» kysymly ýük uçary Wýetnam Sosialistik Respublikasyndan Türkmenisanyň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna ýükleri daşamak boýunça ilkinji gatnawy ýerine ýetirdi. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň aprel aýyndan başlap, Aziýa ýurtlarynyň Wýetnam Sosialistik Respuplikasyna, Koreýa Respublikasyna, Ýewropa döwletlerine, hususan-da, Çehiýa Respublikasyna Germaniýanyň Frankfurt şäherine ýük gatnawlary ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň