“Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” agentligine “A330-200” kysymly “P2F” görnüşli iki sany ulanylan ýük howa gämisini satyn almak barada Fransiýa Respublikasynyň “Airbus S.A.S.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
"P2F" ýük howa gämileri 59 tonna çenli ýük bilen 7400 kilometre çenli uçup bilýärler.